“Ýaş inžiner 2026” atly robototehnika we rogrammirleme bäsleşigi
Şu Düzgünnama “Ýaş inžiner 2026” atly bäsleşigiň maksatlaryny, wezipelerini, geçirmegiň tertibini we şertlerini kesgitleýär.
Bäsleşik Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň hem-de Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi tarapyndan gurnalýar.
Bäsleşik “Akylly önümçilik-hyzmat tehnologiýalary”, “Robototehnika” “Erjeller kodlaýar” we “BattleBots” atly, dört görnüş boýunça gatnaşyjylar özara bäsleşerler.
Bäsleşigiň dowamynda gatnaşyjylar, adam gatnaşyklary, birek-birek bilen ýardamlaşma, sypaýyçylyk ýaly türkmeniň milli gylyk-häsiýetlerinden we ýörelgelerinden ugur alýarlar.
Bäsleşik 25-nji aprelda, şenbe güni, Türkmenistanyň Telekeçiler partiýasynyň agzasy “Ojar Aziýa” hususy kärhanasynyň binasynda geçiriler. (G.Kulyýew 38)
Bäsleşige ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde okaýan mekdep okuwçylary we “BattleBots” görnüşinde bolsa islendik raýat gatnaşyp biler.
Okuwçylaryň bäsleşige gatnaşmak üçin, gelmek-gitmek, naharlanmak, galmak ýaly meseleleri, gatnaşyjylaryň özlerine degişlidir.
“Ýaş inžiner 2026” atly bäsleşigine gatnaşyjylary bahalandyrmak üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň hem-de Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň wekillerinden ybarat bolan eminler topary döredilýär.
Bäsleşigiň çäginde gatnaşyjylar we myhmanlar bellenilen eminler toparynyň görkezmeleri boýunça hereket etmelidir.
Emin agzalarynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr.
Bäsleşige gatnaşyjylar bäsleşige gelende, bäsleşik tarapyndan berlen lybaslary, bäsleşik tamamlanýança geýmäge borçlydyr.
Bir bäsleşige gatnaşýan okuwça ikinji bäsleşige gatnaşmaga rugsat berilmeýär.
Bäsleşige gatnaşyjylar 15.04.2026ý senesine çenli (https://forms.gle/RYgZ6GjxaXGizsci6) gysga salgynyň, ýada aşakda görkezilen QR salgysynyň kömegi bilen bäsleşige öňünden ýazylmalydyr.
Bäsleşik wagty başlandan, tamamlanýança gatnaşyjylar, gatnaşýan ugurlaryna görä öz ýerlerinde durmaga borçlydyr.
Eminler tarapyndan çagyrylan her bir gatnaşyjy, gyssagly eminleriň ýanyna barmaga borçlydyr.
Bäsleşigiň dowamynda öz ýerinde durmadyk gatnaşyjy, soň bäsleşige gatnaşyp bilmeýär.
Gatnaşyjylar 2026-njy ýylyň 25-nji apreline doly taýýar ýagdaýda, taslamalary bilen bilelikde, bäsleşik başlamazdan öň gözden geçirilişige gelmäge borçlydyr.
Bäsleşigiň geçirilýän ýeri, aşakda ýazylmak üçin ýerleşdirilen QR gysga salgyda görkezilen.
Her dört bäsleşikde hem eminler toparynyň agzalarynyň saýlan 1-nji, 2-nji, we 3-nji orunlary ýeňiji diýlip yglan ediler.
Ýeňijiler, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň we Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň gymmat bahaly sowgatlary we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatlary bilen sylaglanýar.
“Akylly önümçilik-hyzmat tehnologiýalary” taslama-döredijilik bäsleşiginiň düzgünleri:
“Akylly önümçilik-hyzmat tehnologiýalary” taslama-döredijilik bäsleşiginde okuwçylar hut özleriniň taýýarlan taslamalaryny tanatmak, gürrüň bermek görnüşinde bäsleşerler.
Bäsleşigiň bu görnüşine orta mekdepleriň 7-12 synplarynda okaýan mekdep okuwçylary, ýekelikde ýada toparlaýyn (iň köp 2 okuwçy) görnüşde gatnaşyp bilerler.
“Akylly önümçilik-hyzmat tehnologiýalary” taslamalar, döredijiligi babatynda erkin bolup, okuwçy öz islegine görä kämilleşdirip biler.
Taslamalaryň göwrümi, agramy ýada ulanylýan enjamlary bilen baglanyşykly çäklendirme ýokdur.
Eminler topary taslamalaryň; hiline, täzeçilligine (innowasiýasyna), ulanmaga ukyplylygyna, maddy taraplaryna, okuwçynyň taslamany beýan edişine baha bererler.
Robototehnika bäsleşiginiň düzgünleri:
Bäsleşigiň bu görnüşine orta mrkdepleriň 7-12 synplarynda okaýan mekdep okuwçylary ýekelikde gatnaşyp bilerler.
Her bir robodyň, programmirlemesi, elektronikasy, mehanikasy doly derejede, gatnaşyjy tarapyndan taýýarlanan bolmalydyr. (eminler anyklamak üçin dürli soraglary berip bilýärler)
Robotlar 2.5 minudyň dowamynda berlen ýumuşlary ýerine ýetirýärler.
Her bir roboda 2 gezek synanyşmaga (Gatnaşyjylar az bolan ýagdaýynda eminleriň karary bilen 3 gezek hem synanyşyp biler) rugsat berilýär.
Robotlar berlen wagtyň dowamynda ýerdäki topjagazlary ýygnap, 70sm, 50sm, 30sm beýiklikdäki gaplara goýmaga çalyşýar, we berlen wagtyň soňky sekuntlarynda final üçin niýetlenen duralgada durýarlar. Meýdançada jemi 50 sany top bar.
Ballar her top üçin: 70sm guty üçin 1 bal, 50sm guty üçin 0.5 bal, 30sm guty üçin 0.3 baldan we final duralgasyna park edilen ýagdaýynda, toplanan ballar 1.5 e köpeldilýär (ballar x 1.5 = umumy bal).
Bäsleşik bilen baglanyşykly video ýazgy we topjagazlaryň agramy, ululygy ýaly maglumatlary: (https://forms.gle/RYgZ6GjxaXGizsci6) adresinden görüp bilersiňiz. (1,2,3,4,5-nji suratlar)
Robot park ýerine doly münip bilmedik ýagdaýynda onda diňe ýygnalan toplaryň ballary berilýär.
Bellenilen wagtyň dowamynda gatnaşyjylardan biri ýada ondan köpi wagtyndan ir toplary dol ýygnan bolsa onda oýun üçin niýetlenen wagta görä ýeňijiler saýlanýarlar.
Bäsleşik meýdançanyň ölçegleri suratlarda görkezilen.
Robotlaryň ölçegleri başlangyçda: ini 50 sm, uzynlygy 50 sm boýy hem 50 sm çenli bolmagyna rugsat edilýär.
Robot taýýarlananda motor, serwo motor, batareýa ýaly enjamlarda çäk ýok (näçe islese ulanyp biler).
Robototehnika bäsleşiginde 1-nji, 2-nji, 3-nji, 4-nji we 5-nji oruna mynasyp bolan okuwçylar First Global Challenge-2026 robototehnika boýunça dünýä çempionatynyň nobatdaky tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar.
Erjeller kodlaýar
Erjeller kodlaýar atly bäsleşik 8-nji synpdan kiçi, mekdep okuwçylarynyň ählisi gatnaşyp biler.
Bäsleşigiň bu görnüşi Sсratch programmirleme dilinde, okuwçylar özleriniň taýýarlan taslamalary bilen gatnaşarlar.
Okuwçylar bäsleşige oýun, animasiýa, ýada başga görnüşli programmalaryny hödürläp bilerler.
Bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup,
Birinji tapgyrynda okuwçylar taýýarlan taslamalaryny .sb3 faýyl görnüşinde (Sсratch programmirleme dili) online sahypa ýüklenilýär.
Ikinji tapgyrynda diňe saýlanan 10 taslama, final tapgyryna gatnaşar.
Ikinji tapgyryna geçmäge hukuk gazanan okuwçylara we olaryň mugallymlaryna telefon we mail üsti bilen habar beriljekdir.
Final tapgyrynda okuwçylar öz taýýarlan taslamalaryny, sahnada beýan etmek arkaly tanyşdyrýarlar.
Eminler topary, taslamalaryň täzeçilligine, maksadyna, dizaýynyna, ulanyşlylygyna, kodlaryň dogry ulanylyşyna we okuwçylaryň öz taslamalaryny beýan edişine baha bererler.
Bäsleşige gatnaşýan okuwçylaryň döreden taslamalary senagat pudagy bilen baglanyşykly bolsa goşmaça bal berler.
Okuwçylar bäsleşige toparlaýyn (iň köp 3 ) ýada ýekeleýin hem gatnaşyp bilerler.
BattleBots (Robotlaryň göreşi)
Bäsleşige meýdançda 2 robot özara, biri beýlekisini işlemez ýagdaýa getirmek üçin bäsleşýär.
Meýdançadaky robotlaryň haýsy hem bolsa biri hatardan çykýança oýun dowam edýär.
Oýun, eminiň “Başla” buýrugy bilen başlaýar, we bir robot hatardan çykanynda eminiň buýrugy bilen tamamlanýar.
Eminleriň “Başla” buýrugundan soňra, robot 10 sekuntdan köp hereketsiz galsa, oýuny garşy tarap gazandy hasap edilýär.
Eger eminleriň “Başla” buýrugundan soňra her 2 robot hem, 10 sekuntdan köp hereketsiz galsa, onda 2 robot hem oýuny gazanmady hasap edilýär.
Oýuny gazanan robot indiki tapgyra geçmäge hukuk gazanar.
Meýdançadaky robot ulaglar, islege görä awtomatiki ýada manual ýagdaýda dolandyrylyp biliner.
Robotlaryň ini, uzynlygy we beýikligi iň köp 50 sm. (oýun başlanyndan soňra islege görä açylyp ýada ulalyp biler)
Robotlarda agram, tok güýji we başga çäklendirme ýok.
Robotlarda islendik motor, islendik serwo motor we ýa başga haýsydyr bir enjam ulanylmaga rugsat berilýär.
Bäsleşige gatnaşyjylar, oýun wagtynda goraýjy äýnekler, ýeňli köýnekleri we ýapyk aýakgaplary geýmeli.
Oýun meýdançasy 3x3 metr kw görnüşinde 0.5 we 1 metr arasy beýiklikde (6-njy surat).
Bäsleşigiň bu görnüşine islendik ýaş topary, ýekelikde gatnaşyp biler.
Habarlaşmak üçin ýörite jogapkär: +993 61 86 27 66
https://education.gov.tm
