Hususy pudagyň işjeňligi: ITOCHU Corporation bilen gepleşikler

Hususy pudagyň işjeňligi: ITOCHU Corporation bilen gepleşikler

19.02.26

«Ojar Aziya» we «TMT Consulting Group» kompaniýalarynyň wekilleri hem-de ýapon «ITOCHU Corporation» bilen iş duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar özara amaly gyzyklanma döredýän hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

«Ojar Aziya» tarapyndan ýurduň üstaşyr-ulag we senagat kuwwatyny ösdürmäge gönükdirilen maýa goýum taslamalary tanyşdyryldy. Olaryň hatarynda Serhetabat–Mary–Sarahs (SMS) ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy, myhmanhana toplumy we awtokempingiň döredilmegi, şeýle hem Mary welaýatynda toplumlaýyn önümçilik toplumynyň döredilmegi bar. Bu taslamalar sebitiň hem-de serhetýaka zolaklarynyň durmuş-ykdysady ösüşini pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Öz gezeginde ITOCHU Corporation «KOMATSU» tehnikasynyň üpjünçiligi we satyn alynmagy boýunça hyzmatdaşlyga, şeýle hem gaýtadan işlemek we senagat kooperasiýasy ulgamyndaky taslamalara gyzyklanma bildirdi. Taraplar orta möhletli döwürde anyk netijeleri berjek, ykdysady taýdan esaslandyrylan we amaly häsiýetli bilelikdäki taslamalary taýýarlamak maksady bilen iş gatnaşyklaryny dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Şeýle hem «TMT Consulting Group» kompaniýasynyň Türkmenistanda hususy pudaga maýa goýumlary çekmäge bagyşlanan «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2026) atly halkara forumynyň bilelikdäki guramaçysy hökmünde çykyş edýändigi aýratyn bellenildi. Foruma gatnaşyjylary çärä işjeň gatnaşmaga çagyryldy. 

Çeşme: TMT News