Özbegistan Türkmenistan bilen serhetdäki suw howdanynyň kuwwatyny artdyrar
Özbegistan Amyderýa derýasynda, Türkmenistan bilen serhetde ýerleşýän Tuýamuýun gidrotehniki toplumynyň suw saklaýyş kuwwatyny 1 milliard kub metr artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu taslama sebit üçin möhüm ähmiýete eýe bolup, serhetýaka zolaklarynda suw serişdeleriniň durnukly dolandyrylmagyna we strategik süýji suw gorlarynyň döredilmegine gönükdirilendir.
Tuýamuýun gidrouzeli Amyderýa basseýnindäki iri halkara suw hojalyk desgalarynyň biridir. Toplum Ruslowoýe, Kapakas, Soltansanjary we Ittifak suw howdanlaryny öz içine alýar hem-de kanallar we şlýuzlar ulgamy arkaly bitewi dolandyryş ulgamyny emele getirýär. Suwuň möçberiniň artdyrylmagy takmynan 1,2 million gektar oba hojalyk ýerleriniň suwarmagyny has ygtybarly eder hem-de Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda suw serişdeleriniň has öňünden aýdyp bolýan we durnukly peýdalanylmagyna şert döreder.
Çeşme: www.orient.tm
