BMG-niň Bitaraplygyň Dostlary Toparynyň düzümi 29 döwlete ýetdi
2025-nji ýylda Azerbaýjan, Täjigistan we Eswatini parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrunda döredilen BMG-niň Bitaraplygyň Dostlary Toparyna goşuldylar. Netijede, Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen bu halkara meýdançanyň gatnaşyjylarynyň sany 29 döwlete ýetdi. Bu ýagdaý bitaraplygyň ynanyşmagy pugtalandyrýan we ählumumy durnuklylygy üpjün etmäge hyzmat edýän täsirli gural hökmünde halkara derejesinde barha uly gyzyklanma döredýändigini görkezýär.
BMG-niň howandarlygyndaky Bitaraplygyň Dostlary Topary bitaraplyk ýörelgeleriniň konfliktleriň öňüni almakda, ynsanperwer meseleleri çözmekde hem-de durnukly ösüşi ilerletmekde amaly taýdan ulanylmagy boýunça köptaraplaýyn dialog üçin möhüm platforma bolup çykyş edýär. Bu başlangyç 2020-nji ýylda döredilip, onuň ilkinji ministrler derejesindäki duşuşygy 2022-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirildi.
Bitaraplygyň Dostlary Toparynyň nobatdaky duşuşygy 2026-njy ýylyň fewral aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Toparyň düzüminiň giňelmegi bitaraplygyň halkara gatnaşyklarynda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň netijeli hem-de amalydygy bilen tapawutlanýan ugrudygyny aýdyň tassyklaýar.
Çeşme: www.mfa.gov.tm
