BMG Türkmenistanyň öňe süren möhüm başlangyçlaryny goldady
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürlen iki sany Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Olar "Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň strategik orny" hem-de "2026–2035-nji ýyllary BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygy diýip yglan etmek" baradaky Kararnamalardyr. Bu çözgütler Türkmenistanyň halkara giňişliginde öňe sürýän başlangyçlaryna bolan ýokary ynamy, şeýle-de ýurduň ählumumy durnukly ösüş gün tertibini kemala getirmäge goşýan mynasyp goşandyny aýdyň görkezýär.
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde çykyş eden daşary işler ministri Raşid Meredow kabul edilen Kararnamalary Türkmenistanyň daşary syýasatynda gazanylan möhüm üstünlik hökmünde häsiýetlendirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletlerine bu başlangyçlary biragyzdan goldandyklary üçin türkmen halkynyň adyndan minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň BMG bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygyny nygtady. Bu çözgütleriň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenilýän ýylda kabul edilmegi ýurduň durnukly ykdysady ösüşi we işjeň kanun çykaryjylyk işi bilen utgaşyp, aýratyn many-mazmuna eýe boldy.
Çeşme: www.tdh.gov.tm
