Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy 8,3 milliard dollardan geçdi

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy 8,3 milliard dollardan geçdi

05.12.25

Hytaýyň Baş gümrük dolandyryşynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy 8,34 milliard ABŞ dollaryna ýetdi.

Bu möçberiň esasy bölegi Türkmenistanyň eksportyna degişlidir – 7,06 milliard dollar, esasanam turba geçirijisi boýunça iberilýän tebigy gazyň hasabyna.

Şol bir döwürde, Türkmenistanyň Hytaýdan importy takmynan 1,28 milliard dollara deň boldy.

Çeşme: www.oilgas.gov.tm