01.01.26

Türkmenistanda Täze 2026-njy ýyly garşy aldy

Türkmenistanda Täze 2026-njy ýyly uly baýramçylyk ruhunda garşy aldy. Aşgabatda Täze ýyl dabaralarynyň esasy merkezi «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki ýurduň baş arçasy boldy. Bu ýerde ýaýbaňlanan aýdym-sazlar, çykyşlar we Täze ýylyň hoşniýetli arzuwlaryna beslenen dabaralar halkyň jebisligini, şatlygyny we Watanymyzyň ösüşleriniň täze tapgyryna bolan ynamyny aýdyň şöhlelendirdi. Baýramçylyk çärelerine gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna Täze ýyl gutlaglary beýan edilip, Watanymyzyň abadançylygy we gülläp ösüşi ugrunda alnyp barylýan giň möçberli özgertmelerde üstünlikler arzuw edildi.

Çeşme: www.turkmenportal.com