2026-njy ýylda Türkmenistanda iri suw hojalyk taslamalary durmuşa geçiriler
2026-njy ýylda Türkmenistanda suw hojalygy we meliorasiýa ulgamynda birnäçe iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda «Altyn asyr» türkmen kölüne zeýkeş ulgamynyň gurluşygy, kuwwaty 90 million kub metr bolan suw howdanynyň bina edilmegi, şeýle hem ýurduň ähli welaýatlarynda suwaryş ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy bar.
Oba hojalyk pudagynda Daşoguz welaýatynda suw geçirmeýän örtügiň düşelmegi, Şasenem kollektorynyň durkunyň täzelenmegi we Garagum derýasynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak boýunça işler hem meýilleşdirilýär.
Taslamalaryň durmuşa geçirilmegi suwarylýan ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga hem-de häzirki zaman we suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly oba hojalygynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Çeşme: www.business.com.tm
