Türkmenistanda maýa goýum Maksatnamasyna 41,2 mlrd manat gönükdiriler

Türkmenistanda maýa goýum Maksatnamasyna 41,2 mlrd manat gönükdiriler

07.01.26

2026-njy ýylda Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasyny amala aşyrmak üçin 41,2 milliard manat möçberindäki serişdeleriň özleşdirilmegi meýilleşdirilýär.Habarda bellenilişi ýaly, maýa goýumlaryň umumy möçberinden 68,5 göterimi önümçilik maksatly, 31,5 göterimi bolsa önümçilik däl maksatly desgalaryň gurluşyklaryna gönükdiriler.

2026-njy ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň jemlenen görnüşiniň taslamasy girdejiler we çykdajylar boýunça 131,8 milliard manat möçberinde göz öňünde tutulýar. Durmuş ulgamyny maliýeleşdirmek üçin birinji derejeli çykdajylarda durmuş maksatly ulgama gönükdiriljek serişdeleriň paýynyň 77,1 göterime deň bolup, 26,8 milliard manat bolmagyna garaşylýar. Döwlet býujetinden durmuş we jemgyýetçilik hyzmatlaryna goýberilýän serişdeleriň 37,5 göterimi bilimi, 13,2 göterimi saglygy goraýşy, 2,8 göterimi medeniýeti, 37,4 göterimi durmuş üpjünçilik ulgamyny, 9,1 göterimi ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyny maliýeleşdirmäge gönükdiriler.  

Çeşme: www.business.com.tm