Türkmenistan Merkezi Aziýada iň çalt gümrük amallaryny üpjün edýär
GIZ-iň täze barlagyna görä, Türkmenistan eksport-tranzit amallarynyň tizligi boýunça sebitiň öňdäki ornunda durýar. Garabogaz, Farap we Daşoguz awtoulag geçelgelerinde resmileşdirmegiň ortaça wagty bary-ýogy 37 minuda deň boldy. Bu bolsa Merkezi Aziýada iň gowy görkezijileriň biri boldy.
Deňeşdirmek üçin:
Gazagystanda – takmynan 1 sagat 30 minut
Täjigistanda – 1 sagat 40 minut
Gyrgyzystanda – 1 sagat 44 minut
Özbegistanda – 1 sagat 10 minut
Serhetde nobata garaşmak hem örän pes derejesinde, ýagny ortaça 35 minuda barabar boldy. Beýleki ýurtlarda görkezijiler has ýokary:
Gazagystanda – iki günden gowurak
Täjigistanda – 1 sagat 15 minut
Gyrgyzystanda – 40 minut
Özbegistanda – 12 sagat 20 minut
Hasabat GIZ tarapyndan bellenilişi ýaly, Türkmenistan Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ynamdar we ýokary netijeli tranzit ugruny berkitmegini dowam etdirýär, bu ugurda döwrebap infrastruktura, “ýaşyl geçelgeler” we sanly hyzmatlar giňden ornaşdyrylýar.
Çeşme: www.business.com.tm
