Türkmenistan Koreýa Respublikasynyň işewürlerini 2026-njy ýylyň halkara çärelerine çagyrdy

Türkmenistan Koreýa Respublikasynyň işewürlerini 2026-njy ýylyň halkara çärelerine çagyrdy

04.12.25

Türkmenistan 2026-njy ýylda geçiriljek söwda we maýa goýum çärelerine Koreýa Respublikasynyň işewür toparlaryny gatnaşmaga çagyrdy. Çakylygy Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynyň başlygynyň orunbasary A.Nazarow her ýyl geçirilýän “Merkezi Aziýa – Koreýa” Ykdysady geňeşiniň 6-njy onlaýn mejlisinde mälim etdi. 

Türkmen tarapy Günorta Koreýa bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk maksatnamasyny aýratyn belledi. Nazarow ýurtlaryň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň pugtalanandygyny, şol sanda Kiýanly nebit-ýaghimiýa toplumynyň gurluşygy hem-de Türkmenbaşy nebit gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagy ýaly bilelikdäki taslamalary mysal getirdi.

Çäräni Koreýanyň Halkara Söwda Assosiasiýasy (KITA) we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň söwda-senagat edaralary, şeýle hem Koreýa gaznasy bilelikde gurady.  

Çeşme: www.business.com.tm