Türkmenistan Germaniýany tranzit geçelgelerini ösdürmäge çagyrýar

Türkmenistan Germaniýany tranzit geçelgelerini ösdürmäge çagyrýar

13.02.26

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Germaniýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň nemes işewür toparlarynyň wekilleri bilen geçirilen bilelikdäki duşuşyga gatnaşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi maglumatyna görä, türkmen tarapy german kompaniýalary bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy belledi we Gündogar komitetiniň işewür gatnaşyklary ösdürmekde, şol sanda 2025-nji ýylda Frankfurtda geçirilen «Türkmenistanyň ykdysadyýet günleri» çäresini gurandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda ileri tutulýan ugurlar hökmünde ulag we logistika, demir ýol infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ösdürilmegi we Orta geçelgäniň kemala getirilmegine german kompaniýalarynyň gatnaşmagy görkezildi. Şeýle hem, energetika, wodorod taslamalary, «ýaşyl özgerilişik», himiýa senagaty, dokmaçylyk, oba hojalygy, suw hojalygy, IT we emeli aň ugurlary hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudygyny belledi.

Türkmen tarapynyň nemes kompaniýalary bilen özara hyzmatdaşlygy, hem-de «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşinde güýçlendirmäge taýýardygyny tassyklady.

Çeşme: www.turkmenportal.com