Türkmenistan sanly infrastrukturasyny pugtalandyrýar

Türkmenistan sanly infrastrukturasyny pugtalandyrýar

12.02.26

Türkmenistan 2026–2028-nji ýyllar üçin sanly özgertmeler boýunça Döwlet maksatnamasynyň çäginde halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ugurlarynyň sanyny sekizden on bire çenli artdyrmagy meýilleşdirýär. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi halkara aragatnaşygy berkitmäge hem-de ýurduň üstaşyr mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen birnäçe strategik taslamalary durmuşa geçirýär.

Esasy ugurlaryň biri «Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat» serhetüsti optiki-süýümli aragatnaşyk ugrunyň gurluşygy bolup, bu taslama maglumat akymlarynyň möçberini artdyrmaga hem-de Günorta Aziýa bazarlaryna, şol sanda Hindistana çykmaga mümkinçilik döreder.

Şol bir wagtyň özünde Azerbaýjan bilen hyzmatdaşlykda Hazar deňziniň düýbi arkaly suwasty optiki-süýümli aragatnaşyk ugruny çekmek boýunça taslama amala aşyrylýar. Bu işe «Türkmentelekom» we «Azertelekom» kompaniýalary gatnaşýar. Şeýle hem Etrek – Inçeburun hem-de Bekdaş – Temirbaba ugurlary boýunça ýerüsti magistrallaryň gurluşygy dowam edýär.

Taslamalaryň durmuşa geçirilmegi milli maglumat geçiriş ulgamynyň geçirijilik ukybyny ep-esli ýokarlandyrmaga hem-de Türkmenistanyň Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň arasynda möhüm sanly üstaşyr merkez hökmünde ornuny pugtalandyrmaga mümkinçilik berer.

Çeşme:www.orient.tm