Türkmenistan – Hytaý–Ýewropa ugry boýunça möhüm geçelge
Özbegistan we Täjigistan Hytaý–Merkezi Aziýa–Ýewropa köpugurly ulag ugry boýunça synag amallarynf başlady. Bu taslamada Türkmenistanyň eýeleýän orny strategik häsiýete eýedir. Synag çäresiniň çäginde 10 doly ýükli awtoulag Özbegistan–Täjigistan–Hytaý ugrunda hereket edip, koridoryň infrastruktura we logistik ulgamynyň taýýarlygyny barlar.
Şeýle-de bolsa, häzirki synag diňe gündogar bölege gönükdirilen bolsa-da, koridoryň doly işjeňleşdirilmegi Türkmenistansyz göz öňüne geirmek mümkin däldir. Ýurduň ugrukdyryjy geçelgesi Eýran, Türkiýe we Ýewropa bazarlaryna çykmak üçin möhüm şert döredýär. Bu synagyň netijeleri geljekde ýük akymyny artdyrmak we Türkmenistanyň bölegini işjeňleşdirmek üçin esas bolup, ony Hytaý–Ýewropa ulag geçelgesinde strategik ugur hökmünde görkezýär.
Çeşme: www.newscentralasia.net
