Türkmen–Britan hyzmatdaşlygy täze tapgyra geçýär

Türkmen–Britan hyzmatdaşlygy täze tapgyra geçýär

26.02.26

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary Işler Ministri Raşid Meredow «Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa» görnüşindäki London şäherinde geçirilýän ilkinji ministrler duşuşygynyň öňüsyrasynda birnäçe ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn duşuşyklary iş saparynyň çäginde geçirdi.
Taryhy Lankaster House köşgünde sebitiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň bilelikdäki iş duşuşygy geçirildi. Oňa Edinburg gersogy Şazada Eduard gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda «Merkezi Aziýa + Beýik Britaniýa» atly täze hyzmatdaşlyk meýdançasyny işe girizmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem tehnologiýalar, ulag we maýa goýum ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. 26-njy fewralda London şäheri ilkinji gezek CA5+1 görnüşinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyny kabul edýär. Duşuşyga Beýik Britaniýanyň içeri işler ministri Iwett Kuper ýolbaşçylyk edýär.

Saparyň çäklerinde R.Meredow Beýik Britaniýanyň Goranmak ministrliginiň döwlet ministri Lord Wernon Rodni Koker, Jemgyýetler palatasynyň agzasy Lindsi Hoýl hem-de Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlyk boýunça Ähli partiýaly parlament toparynyň ýolbaşçysy Pem Koks bilen duşuşdy. Şeýle hem Halkara Deňiz Guramasynyň Baş sekretary Arsenio Dominges bilen aýratyn duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda deňiz ulaglary, halkara gämi gatnawlary we halkara konwensiýalaryň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ykdysady gün tertibiniň çäklerinde Ýewropanyň Täzeden Gurluşyk we Ösüş Bankynyň prezidenti Odil Reno-Basso bilen gepleşikler geçirildi. Olarda «Gündogar–Günbatar» ulag geçelgesini ösdürmek, logistika taslamalaryny amala aşyrmak hem-de durnukly energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alyşyldy.

Saparyň esasy netijeleriniň biri hökmünde Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2026–2027-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi. Resminama Beýik Britaniýanyň daşary işler boýunça parlament döwlet sekretarynyň orunbasary Hemiş Falkoner bilen «Strukturalaýyn dialogyň» üçünji tapgyrynyň jemleri boýunça baglaşyldy. Taraplar syýasy hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklaryň oňyn ösüşini belläp, bar bolan mümkinçilikleri has netijeli peýdalanmagyň möhümdigini nygtadylar. Şol sanda Türkmen–Britan söwda-senagat geňeşiniň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Şeýle hem bilim ulgamynda, şol sanda iňlis dilini öwrenmek babatda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma beýan edildi. Duşuşygyň dowamynda sebit gün tertibine degişli meseleler, aýratyn-da Owganystandaky ýagdaý ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna hem-de halkara meseleleriň syýasy-diplomatik ýol bilen çözülmegine ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Çeşme: www.orient.tm