Türkmenistan bilen Gazagystan Hazarýaka ulag geçelgesini döwrebaplaşdyrýar

Türkmenistan bilen Gazagystan Hazarýaka ulag geçelgesini döwrebaplaşdyrýar

04.03.26

Gazagystan Respublikasy «Žanaözen — Türkmenistan bilen serhet» awtomobil ýoluny dört zolakly derejä çenli giňeltmegi meýilleşdirýär. Gazagystanyň Ulag ministrliginiň habar bermegine görä, «Temir-Baba» serhet geçelgesine çenli uzalýan 164 kilometrlik bölegiň durkuny täzelemek işleri 2026-njy ýylda tamamlanar.

Şol bir wagtda Türkmenistan degişli ugur boýunça iri infrastruktura taslamalaryny amala aşyrýar. «Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan bilen serhet» ýolunyň ugrunda Garabogazkölüň üstünden geçýän 354 metrlik köpriniň gurluşygy jemleýji tapgyrdadyr we onuň 2026-njy ýylda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýär.

Şeýle hem Türkmenbaşy şäherinden Gazagystanyň serhedine çenli uzalýan 225 kilometrlik täze dört zolakly awtomobil ýolunyň gurluşygy alnyp barylýar. Bu ýol «Aşgabat — Türkmenbaşy» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň dowamy bolar. Mundan başga-da, «Garabogaz» gümrük nokady düýpli döwrebaplaşdyryldy, bu bolsa ýük ulaglarynyň serhetden geçişini çaltlandyrmaga mümkinçilik berer.

Serhediň iki tarapynda hem ulag düzüminiň utgaşykly ösdürilmegi Hazarýaka ugruny Aýlag döwletlerinden we Hindistandan Russiýa hem-de Ýewropa ýurtlaryna çenli uzalýan möhüm üstaşyr geçelge hökmünde pugtalandyrýar. Şeýle-de bu taslamalar serhetýaka sebitlerde ykdysady işjeňligi artdyrmaga hem-de täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

Çeşme: www.orient.tm