Türkmenistan bilen Gruziýa ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdy

Türkmenistan bilen Gruziýa ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdy

31.03.26

2026-njy ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Mariam Kwriwişwili bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de ony mundan beýläk ösdürmegiň uly mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň habar bermegine görä, duşuşykda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, özara maýa goýumlaryny höweslendirmek, şeýle hem ileri tutulýan ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn ähmiýet berildi.

Taraplar energetika, ulag, sanly ykdysadyýet we innowasiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirip, Türkmenistanyň hem-de Gruziýanyň işewürler toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin amatly şertleri döretmegiň möhümdigini aýratyn nygtadylar.

Şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy utgaşdyrmakda, degişli pudaklaryň arasynda yzygiderli gepleşikleri üpjün etmekde hem-de gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň möhüm orny aýratyn bellenildi. Duşuşygyň jeminde taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem çuňlaşdyrmaga we netijeli gepleşikleri dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny ýene-de bir gezek tassykladylar.

Çeşme: www.business.com.tm