Türkmen-ýapon ykdysady gatnaşyklary: hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleri

Türkmen-ýapon ykdysady gatnaşyklary: hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleri

18.02.26

17-nji fewralda Aşgabat şäherindäki «Arkaç» biznes merkezinde ýapon öňdebaryjy korporasiýalarynyň wekilleriniň hem-de türkmen kompaniýalarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Çäre Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan «Iş nokady» platformasy bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Işewürlik duşuşygyna Mitsubishi, Itochu, Toyota hem-de Kawasaki korporasiýalarynyň wekilleri, şeýle-de Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Sasaki Hiroşi gatnaşdy. Ilçi panel maslahatlaryny alyp bardy.

Çäräniň çäklerinde TMT Consulting Group kompaniýasynyň wekilleri Mitsubishi we Toyota kompaniýalarynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen B2B görnüşindäki duşuşyklary geçirip, amaly hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini hem-de bilelikdäki taslamalaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan ozal hem kompaniýanyň Ilçihana tarapyndan guralan resmi kabul edişlige gatnaşandygy barada habar berlipdi.

Ojar Aziya kompaniýasy bilen bilelikde TMT Consulting Group Ýaponiýanyň diplomatik wekilhanasy bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär hem-de öňdebaryjy ýapon korporasiýalary bilen hyzmatdaşlygy maýa goýumlaryny çekmek we tehnologik alyş-çalyşygy giňeltmek babatda geljegi uly ugur hökmünde görýär.

Çeşme: TMT News