Türkmenistanyň wise-premýeri Täjigistanyň Prezidenti bilen duşuşd

Türkmenistanyň wise-premýeri Täjigistanyň Prezidenti bilen duşuşd

05.03.26

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew 4-nji martda Duşenbe şäherinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon tarapyndan kabul edildi. Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti söwda-ykdysady hem-de ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-täjik Hökümetara toparynyň mejlisine gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar strategik hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem söwda, senagat, ulag, logistika we oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Mundan başga-da, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegiň ähmiýeti bellenildi. Şol sanda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy mehanizmleriniň biri hökmünde Hökümetara toparyň işini mundan beýläk-de işjeň dowam etdirmegiň wajypdygy nygtaldy.

Çeşme: www.turkmenportal.com