Türkmen wekilleri UK FinTech Week 2026 gatnaşýar
Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy 2026-njy ýylyň 20–24-nji aprelinde Londonda geçiriljek UK FinTech Week 2026 barada habar berýär. Çäre dünýäniň dürli ýurtlaryndan startaplar, bank işgärleri, maýadarlary we düzgünleşdiriji edaralaryň wekillerini, şeýle hem telekeçiler, alymlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemleýär. Çäräniň maksatnamasyna Global maliýe innowasiýalary sammiti (IFGS 2026), seminarlar we bölümçe maslahatlaşmalar girýär.
Türkmen wekilleri sanly bank işi, emeli aň (AI), kiberhowpsuzlyk we ösen maliýe tehnologiýalarynyň integrasiýasy boýunça halkara tejribesini öwrenip, Britaniýa we dünýä tehnologiýa kompaniýalary bilen göni aragatnaşyk gurup bilerler.
Ilçihana, çäräniň Türkmenistanyň bank ulgamynyň sanly özgertmelerini goldap, 2026–2028-nji ýyllar üçin tassyklanan Sanly ykdysadyýetiň ösüş Konsepsiýasy bilen utgaşýandygyny belledi.
Çeşme: www.orient.tm
