Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady

20.02.26

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaichiniň gaýtadan bu ýokary wezipä saýlanylmagy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrine berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutany gutlagynda Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem Prezident birinji «Merkezi Aziýa – Ýaponiýa» dialogynyň sammitiniň çäklerinde Tokioda geçirilen duşuşyklary ýatlap, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny belledi.

Bellenilişi ýaly, türkmen-ýapon gatnaşyklary yzygiderli we işewür hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykýar. Maýa goýum başlangyçlaryna, senagat kooperasiýasyna hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň alyş-çalşygyna gyzyklanma artýar.

Çeşme: www.tdh.gov.tm