«Hakyda göwheri»: Milli Liderimiziň kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

«Hakyda göwheri»: Milli Liderimiziň kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

24.12.25

22-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň azerbaýjan dilinde neşir edilen nusgasynyň dabaraly tanyşdyrylyşy geçirildi. Çärä iki ýurduň diplomatlary, alymlary we parlament wekilleri gatnaşyp, bu waka Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda ynsanperwerlik we syýasy hyzmatdaşlygyň barha çuňlaşýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Çykyş edenler neşiriň many-mazmun taýdan aýratyn ähmiýetini belläp, eseriň türki dünýäniň ruhy baglanyşyklaryny pugtalandyrmaga, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň taryhy köklerini we onuň häzirki döwrüň halkara gatnaşyklaryndaky ornuny has çuňňur düşünmäge ýardam berýändigini nygtadylar. Azerbayjan okyjylary üçin bu kitap umumy ruhy gymmatlyklara esaslanýan doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmäge gönükdirilen möhüm medeni köpri hökmünde häsiýetlendirildi. 

Çeşme: www.orient.tm