Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin dekabr aýynda Türkmenistanda saparda bolar

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin dekabr aýynda Türkmenistanda saparda bolar

04.12.25

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana saparyny amala aşyrar. Bu barada Russiýanyň döwlet Baştutanynyň kömekçisi jenap Uşakow metbugata mälim etdi.

Sapar 12-nji dekabrda geçiriljek Halkara forumyna gabatlanar we hemişelik Bitaraplygyň 30-ýyllyk şanly toýuna bagyşlanar. 

Şeýle hem, ol Prezident Wladimir Putiniň 21-22-nji dekabrda Sankt-Peterburgda boljakdygyny we şol ýerde GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygynyň geçiriljekdigini belledi.

Çeşme: www.orient.tm