Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan geljek hepdede Türkmenistana döwlet sapary bilen geler

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan geljek hepdede Türkmenistana döwlet sapary bilen geler

04.12.25

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan 12-nji dekabrda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni we 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşar. Bu barada Türkiýäniň energetika we tebigy baýlyklar ministri Alparslan Baýraktar žurnalistler bilen Stambulda geçirilen duşuşykda mälim etdi.

Ministriň aýtmagyna görä, saparyň dowamynda tebigy gazyň üpjünçiligi babatda hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. A.Baýraktar türkmen gazyny Günorta gaz geçelgesi arkaly Ýewropa ibermek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nazarda tutmak bilen, Türkmenistandan Türkiýä tebigy gazyň iberilip başlanmagynyň türk we Ýewropa bazarlary üçin möhüm habar bolandygyny belledi.

Çeşme: www.turkmenportal.com