Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmennebit” döwlet konsernini ösdürmek boýunça karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmennebit” döwlet konsernini ösdürmek boýunça karara gol çekdi

14.03.26

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmennebit döwlet konserniniň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen karara gol çekdi. Resminama ýurduň nebit-gaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir.

Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow konserni döwrebaplaşdyrmak we onuň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça meýilleşdirilýän çäreler toplumy barada hasabat berdi. Degişli karar taslamasy döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlendi.

Kabul edilen çäreler iri nebit we gaz känleriniň netijeli ulanylmagyny üpjün etmäge, gözleg buraw işlerini geçirmäge hem-de täze ýataklary özleşdirmäge gönükdirilendir. Karara gol çekip, Prezident konserniň önümçilik mümkinçiliklerini mundan beýläk-de artdyrmak boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Çeşme: www.turkmenportal.com