Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyga bagyşlanan täze kitabyny tanyşdyrdy
6-njy dekabrda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryň, konsullyk edaralarynyň hem-de halkara guramalaryň ýanyndaky Türkmenistanyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet Baştutanymyz gatnaşyjylary Halkara Bitaraplyk güni hem-de ýurdumyzyñ hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutany «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi. Bu eser şu ýylyň netijelerine bagyşlanyp taýýarlanyldy. Kitapda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýeti, onuň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilmegi hem-de ählumumy parahatçylygy we ynamy berkitmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlary giňişleýin beýan edilýär. Eserde ýurdumyzyñ gazanan belent sepgitleri, üstünlikleri daşyndan açylyp görkezilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu kitap hormatly halkymyza sowgat bolmagy maksat edinýär.
Mejlisiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşyjylary ýene-de bir gezek Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy bilen gutlap, olara berk jan saglyk, abadançylyk we ýurdumyzyñ ösüşi ugrunda mundan beýläk hem uly üstünlikleri arzuw etdi.
Çeşme: www.tdh.gov.tm
