Türkmenistanyň Prezidenti ilkinji Merkezi Aziýa-Ýaponiýa sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti ilkinji Merkezi Aziýa-Ýaponiýa sammitine gatnaşdy

23.12.25

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 19–20-nji dekabrda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaitiniň başlyklyk etmeginde geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gatnaşmak maksady bilen Tokio şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýokary derejeli duşuşyk Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryny bir ýere jemläp, syýasy dialogy çuňlaşdyrmak, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de Ýaponiýa bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek üçin täze köptaraplaýyn meýdança boldy.

Saparyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito, Premýer-ministr Sanae Takaiti (şu ýyl ikinji gezek), ýapon parlamentiniň ýolbaşçylary, şeýle hem öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Şol bir wagtda hyzmatdaşlygyň parlamentara ölçegine aýratyn ähmiýet berlip, hormatly Prezidentimiz Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy we kanun çykaryjy edaralaryň strategik hyzmatdaşlygyň berk hukuk binýadyny döretmekdäki ornuny nygtady.

Duşuşyklarda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde «ýaşyl» geçiş, wodorod energetikasy, ulag-üstaşyr baglanyşygy ösdürmek, maýa goýumlary çekmek hem-de adam mümkinçiliklerini ösdürmek meseleleri kesgitlenildi. Türkmenistanyň Prezidenti ýapon işewür toparlaryna ýurdumyzda uzak möhletleýin taslamalary durmuşa geçirmek üçin amatly şertleriň döredilendigini tassyklady.

Saparyň jemleri boýunça «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň Tokio Jarnamasy kabul edildi hem-de energetika, senagat, sanly tehnologiýalar, bilim we maliýe ulgamlarynda hyzmatdaşlygy öz içine alýan 11 sany ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Amaly hyzmatdaşlygyň çäklerinde aýlanyşyk ykdysadyýeti boýunça, şol sanda durmuş we gurluşyk galyndylaryny, plastik (PET) önümlerini hem-de ulanyşdan çykan öý tehnikalaryny gaýtadan işlemek boýunça kärhanalary gurmak baradaky taslamalar hödürlenildi. Şeýle hem «ýaşyl» energetika we ekologiýa babatda wodorod tehnologiýalaryny ösdürmek, lagym suwlaryny çuň arassalamak we gaýtadan ulanmak boýunça çözgütlere aýratyn üns berildi. Sanly özgertmeler we emeli aň hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň biri hökmünde bellenildi.

Saparyň dowamynda senagat-himiýa ulgamynda Türkmenbaşy etrabynda ýyllyk kuwwaty 1 million 155 müň tonna bolan karbamid zawodyny «açar tabşyrmak» esasynda gurmak (Mitsubishi Heavy Industries, Mitsubishi Corporation, Gap Inşaat), Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawod boýunça tehniki goldawy dowam etdirmek (Kawasaki Heavy Industries), şeýle hem Gyýanlydaky polimer zawodynyň ikinji tapgyrynyň ygtybarly ulanylyşyny üpjün etmek (Toyo Engineering we Rönesans konsorsiumy) barada ylalaşyklar gazanyldy.

Sanly tehnologiýalar ulgamynda Mitsubishi Corporation Machinery bilen emeli aň çözgütlerini ornaşdyrmak, Sony Middle East and Africa FZE bilen bolsa teleradioýaýlym we kinematografiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça resminamalar gol çekildi. Energetika, ulag we maliýe ulgamlarynda «Türkmengaz» DK bilen Sumitomo Corporation Europe, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi bilen Sumitomo Corporation, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Mizuho Bankyň arasynda hyzmatdaşlyk ylalaşyklary gazanyldy. Ylym-bilim ulgamynda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Tohoku we Hirosaki uniwersitetleri bilen akademiki alyşmalar we ylmy hyzmatdaşlyk boýunça üç ähtnamalara gol çekdi.

«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gatnaşmagy bilen döwlet Baştutanymyz türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň strategik häsiýete eýedigini, olaryň durnukly ösüşe, tehnologik hyzmatdaşlyga we halkara ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilendigini tassyklap, saparynyň maksatnamasyny tamamlandan soňra Watanymyza dolandy.

Çeşme: www.turkmenportal.com