Türkmenistan Prezident 20-nji dekabra çenli zähmet haklaryny tölemekligi tabşyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet we hususy eýeçilikdäki ähli edaralarda işgärleriň zähmet haklarynyň 20-nji dekabra çenli wagtynda tölenmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Bu görkezme Ministrler Kabinetiniň mejlisinde berlip, wise-premýer Hojamyrat Geldimyradowa bu kararyň ýerine ýetirilişi boýunça giňişleýin hasabat taýýarlamagy tabşyryldy.
Wise-premýeriň bellemegine görä, 2025-nji ýylyň ýylyň ýanwar–noýabr aýlarynda içki önümiň ösüş derejesi 6,3% barabar boldy. Önümçilik 10,1%, bölek satuw dolanyşygy 13%, daşary söwda bolsa 9,1% artdy. Döwlet býujetiniň girdeji bölümi 100,5%, çykdajy bölümi 97,6% ýerine ýetirildi. Iri we orta kärhanalarda ortaça zähmet haklary 11,9% ýokarlandy, zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly hem öz wagtynda maliýeleşdirildi.
Çeşme: www.business.com.tm
