Türkmenistanda 2026-njy ýylda ýaşaýyş jaýlary we saglyk merkezleri ulanmaga berler
2026-njy ýylda Aşgabat şäherinde 76 sany ýaşaýyş jaýy, 127 sany iki gatly kottej, şeýle hem «Parahat‑7» ýaşaýyş toplumynda 30 sany hem-de, Büzmeýin etrabyndaky ýaşaýyş jaý toplumynda 46 sany häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berler. Paýtagtda Halkara pediatriýa merkezi, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi, Stomatologiýa merkezi we 4 müň orunlyk köpugurly medeni merkezler ulanylmaga beriler. «Arçman» şypahanasynda bolsa 400 orunlyk täze bina hyzmat edip başlar.
Şeýle-de, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň bir bölegi ulanmaga berler, Gyzylarbat etrabynda köpugurly elektrik stansiýasy we täze döwrebap oba, Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde bolsa ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumy ulanmaga tabşyrylar. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumy hem dabaraly açylar.
Çeşme: www.turkmenportal.com
