Haýyr-sahawat gaznasynyň täze bölümi we çagalaryň bähbitlerine gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň täze şahamçasynyň açylyşy boldy. Bu waka Türkmenistanda ösüp barýan nesliň abadançylygy üçin alnyp barylýan giň gerimli işleriň, şeýle-de ýurdumyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylygynyň aýdyň beýany hökmünde aýratyn ähmiýete eýe boldy. Dabara ýurdumyzyň jemgyýetçilik hem-de ylym-bilim ulgamlarynyň wekilleri bilen bir hatarda, daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagy gaznanyň işine halkara derejede bildirilýän gyzyklanmanyň barha artýandygyny görkezdi.

Şol gün Awazada geçiren duşuşyklaryň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky gazna bilen Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň arasynda ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen özara düşünişmek baradaky Ähtnama hem gol çekildi. Taraplaryň arasynda geçirilen gepleşiklerde çagalaryň saglygyny goramak, tejribe alyşmak, bilelikdäki medeni-ynsanperwer taslamalary giňeltmek ýaly ugurlar boýunça mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täze şahamçanyň açylmagy gaznanyň ýurdumyzyň çäginde hem-de halkara giňişliginde amala aşyrýan işleriniň gerimini giňeldip, howandarlyga mätäç çagalara ulgamlaýyn lukmançylyk, durmuş we medeni goldawy ýetirmekde möhüm merkez hökmünde çykyş eder. Şeýle-de onuň Awazada – sagaldyş-dikeldiş mümkinçiligi iň ýokary derejede bolan sebitde ýerleşmegi çagalaryň öz saglygyny dikeltmekleri we jemgyýete doly gatnaşmaklary üçin amatly şertleri döreder.
Çeşme: www.turkmenportal.com
