Türkmen halkynyň Milli Lideri Ýubileý Medaly bilen sylaglandy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Ýubileý Medaly bilen sylaglandy

17.12.25

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlary toplumy bilen sylaglandy. Degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekendigi barada «Watan» habarlar gullugynda mälim edildi.

Bu sylag Milli Liderimiziň ýurduň hemişelik Bitaraplyk derejesini berkitmekde, giň gerimli özgertmelerii durmuşa geçirmekde, Türkmenistanyň halkara abraýyny ýokarlandyrmakda we parahatçylyk, ynanyşmak hem-de durnukly ösüş syýasatyny ilerletmekde eýeleýän möhüm şahsy goşandyny aýdyňlygy bilen açyp görkezýär.

Şeýle-de, Aşgabatda bu şanly senä bagyşlanyp daşary ýurt raýatlarynyň we hormatly il ýaşulylaryna sylag gowşurylyş dabarasy hem geçirildi. Bu çäre ýurduň bitaraplyk ugrunyň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň, bu hukuk statusynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň üç gezek tassyklanandygyny aýdyň subut etdi.

«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany bilen sylaglananlar:

Wladimir Iwanowiç Gorýaýew – BMG-niň Baş Assambleýasynyň ulgamynda Okkupirlenen Palestina çäginde Diwaryň gurluşygy sebäpli ýetirilen zyýanlary hasaba alyş edarasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy;

Narine Saakýan – BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (PРООН) Türkmenistandaky hemişelik wekili;

Kaha Imnadze – BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça BMG-niň sebit merkeziniň ýolbaşçysy;

Dmitriý Şlapaçenko – BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy;

Kim Çžin Pýon – Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy;

Endo Toşiaki – Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy, Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň ýapon böleginiň başlygy;

Ahmet Çalyk – «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy (Türkiýe);

Martin Buig – «Bouygues» kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy (Fransiýa);

Ýohan Engelbert Maýsner – Germaniýa Federatiw Respublikasynyň raýaty, kardiohirurg;

Ýanson Folkmar – Lýudwig Maksimilian uniwersitet klinikalar toplumynyň Ortopediýa, fiziki medisina we reabilitasiýa klinikasynyň (Grosshadern kampusy) bölüm ýolbaşçysy (GFR);

Parhofer Klaus Georg – Lýudwig Maksimilian uniwersitet klinikalar toplumynyň 4-nji lukmançylyk klinikasynyň we poliklinikasynyň (Grosshadern kampusy) direktorynyň orunbasary (GFR);

Şpelsberg Fritz Wilhelm Wolfgang – Fýurstenfeldbruk ylmy-gözleg klinikasynyň umumy we wisseral hirurgiýa klinikasynyň baş lukmany, Lýudwig Maksimilian uniwersitet klinikalar toplumy (GFR);

Hoýserman-Mangold Lizl Doris – Dermatologiýa estetikasy we deriniň howply çişleriniň öňüni alyş klinikasynyň lukmany (GFR).

Çeşme: www.tdh.gov.tm