Türkmen halkynyň Milli Lideri türkmen halkyny geljek bedew ýyly bilen gutlady
22.12.25
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz, geljek bedew ýyly mynasybetli türkmen halkymyzy tüýs ýürekden gutlady. Ol bedewleri milli buýsanç we ýurduň uly üstünlikleriniň nyşany hökmünde häsiýetlendirdi we täze ýylyň türkmen milletine rysgal-bereket, bagtyýarlyk hem-de uly üstünlikler getirmegini arzuw etdi.
Şeýle hem, Milli Liderimiz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara çäreleriň üstünlikli geçendigini we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara derejesinde tassyk edilendigini belledi, munuň hem halkymyzyň bitewiligini we parahatçylyk ugruny has-da berkitjekdigini nygtady.
Çeşme: www.turkmenportal.com
