Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a iş sapary bilen ugrady
17.02.26
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.
Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilip, ykdysadyýet, senagat we oba hojalyk ugurlaryny öz içine alýar. Amerikan kompaniýalary ýurduň maýa goýum mümkinçiliklerine artýan gyzyklanma bildirýärler.
Bu saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga, döwletara gatnaşygyň netijeli häsiýetde ösdürilmegine ýardam bermegine garaşylýar.
Çeşme: www.tdh.gov.tm
