Deňiz transportynda täze ösüş ugurlary
2026-njy ýylyň 3-nji martynda Türkmenbaşy Halkara Deňiz Portunda Türkmenistanyň Deňiz we Derýa Ulaglary Agentliginiň wekilleri bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda Transkaspik ulag geçelgesiniň çäginde portuň döwrebaplaşdyrylmagy we sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagy, şol sanda Terminaly Dolandyrmak Ulgamynyň (TOS) kämilleşdirilmegi hem-de “Deňiz üçin Ýeke-täk Penjire” (MSW) ulgamynyň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de portuň daşky gurşaw boýunça standartlary (ISO 14001, «Ekoport») we olaryň has-da kämilleşdirilmegi baradaky tekliplere aýratyn üns berildi.
Taslamalar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürlener we sanlylaşdyrma hem-de ekologiýa ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak meýilleşdirilýär.
Çeşme: www.orient.tm
