Türkmenistanyň «Wirtual aktiwler hakynda» Kanuny güýje girdi
1-nji ýanwardan başlap, Türkmenistanda kriptobiržalaryň işini kanunlaşdyrýan «Wirtual aktiwler hakynda» Kanun güýje girdi. Bu hukuk namasy wirtual aktiwleriň döredilmegini, saklanmagyny we dolanyşygyny düzgünleşdirýär hem-de şol bir wagtyň özünde kriptowalýutalaryň töleg serişdesi, pul birligi ýa-da gymmatly kagyz däldigini, emma raýat-hukuk gatnaşyklarynyň obýekti hökmünde ykrar edilýändigini anyk belleýär. Ähli maýnerler Türkmenistanyň Merkezi bankynda hökmany elektron bellige alynmaga degişlidir, Merkezi bank bolsa bu ugurda esasy kadalaşdyryjy edara hökmünde çykyş edýär. Gizlin maýning, ýagny üçünji taraplaryň hasaplaýyş mümkinçiliklerinden olaryň razylygyz peýdalanmak kanun tarapyndan aç-açan gadagan edilýär.
Kanun bazara berk talaplary girizýär: kriptobiržalar we wirtual aktiwler boýunça hyzmatlary üpjün edijiler diňe Merkezi bank tarapyndan berilýän ygtyýarnamalar esasynda iş alyp baryp bilerler. Ofşor zolaklary bilen bagly subýektleriň, syýasy guramalaryň, şeýle hem sud edilen ýa-da terrorçylyk we köpçülikleýin ýok ediji ýaraglaryň maliýeleşdirilmegi bilen baglanyşykly sanawlara girizilen şahslaryň gatnaşmagyna ýol berilmeýär. Guramalaryň atlarynda döwlete we milli nyşanlara degişli sözleriň ulanylmagy gadagan edilýär. Şeýle-de reklama işi aýratyn düzgünleşdirilip, töwekgelçilikler we serişdeleriň doly ýitirilip bilinjekdigi barada hökmany duýduryşlaryň berilmegi talap edilýär hem-de kriptowalýutalaryň “aňsat girdeji” hökmünde görkezilmegine rugsat berilmeýär. Döwlet wirtual aktiwleriň gymmatynyň pese gaçmagy ýa-da olaryň ýitirilmegi üçin jogapkärçilik çekmeýär, şeýlelikde täze sanly ulgamyň anyk hukuk çäklerini kesgitleýär.
Çeşme: www.turkmenportal.com
