Ýaponiýa Merkezi Aziýa liderleri bilen dekabr sammitine taýýarlanýar

Ýaponiýa Merkezi Aziýa liderleri bilen dekabr sammitine taýýarlanýar

05.12.25

Ýaponiýa 19-20 dekabrda Tokiýada Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň liderleri bilen giň gerimli sammit geçirmäge taýýarlanýar.

Bu meýilnamalar hökümetindäki Liberal-demokratik partiýanyň wise-prezidenti Taro Aso tarapyndan «Ýaponiýa – Merkezi Aziýa» Dostluk Ligasynyň ýygnagynda beýan edildi.

Sammitiň çäklerinde premýer-ministr Sanai Takaiçiniň sebit ýurtlarynyň döwlet ýolbaşçylary bilen aýratyn duşuşyklary geçirmek mümkinçiligi hem seljerilýär.

2004-nji ýyldan bäri işleýän «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogy Ýaponiýanyň Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm meýdançasy bolup galýar.

Çeşme: www.nippon.com