Eýranyň Prezidenti Türkmenistana sapar bilen geler

Eýranyň Prezidenti Türkmenistana sapar bilen geler

07.12.25

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiýanyň ýakyn günlerde Türkmenistana we Gazagystana sapar etmegine garaşylýar. Bu barada Eýranyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Esmail Bagaýi habar berdi.

Bu saparlar Tähranyň sebitleýin diplomatik işjeňliginiň artýan wagtyna gabat geldi. 

Prezident Pezeşkiýanyň Türkmenistana saparynyň jikme-jik beýany entek mälim edilmedik hem bolsa, bu saparyň halkara derejesindäki iri çäreler bilen utgaşdyrylmagyna garaşylýar. Ýakyn günlerde Türkmenistanyň paýtagtynda Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýylyna bagyşlanan Forum geçiriler. 

Çeşme: www.orient.tm