Ertirden başlap, Türkmenistanda dört günlük dynç alyş başlanýar
Ertirden başlap, ýurdumyzyň ilatyny uzak wagtlyk baýramçylyk dynç alyş günleri garaşýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow goşmaça dynç günlerini yglan etmek hakynda Permana gol çekdi.
2025-nji ýylyň 5-nji dekabryndaky PP-602 belgili Permana laýyklykda, 11-nji, 12-nji we 13-nji dekabr (penşenbe, anna we şenbe günleri) dynç günleri hökmünde yglan edildi. Bu günlerden soňra 14-nji dekabr, ýekşenbe güni gelýändigi üçin, raýatlara döwlet baýramyny baýram etmek we arkaýyn dynç almak üçin dört günläp yzly-yzyna mümkinçilik döredilýär.
Permanda bellenilişine görä, bu çözgüt “Halkara Bitaraplyk gününi dabaraly belläp geçmek we raýatlaryň oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen” kabul edildi.
Goşmaça dynç günleri eýeçilik görnüşine garamazdan ähli edaralar, kärhanalar we guramalar tarapyndan hökmany ýerine ýetirilmelidir.
Çeşme: www.orient.tm
