ÝMGB Türkmenistandaky taslamalara gönükýär
31.03.26
Ýewropa Maýa Goýum Banky çarçuwaly ylalaşyk baglaşylandan soň Türkmenistanda iş alyp barmaga başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada bankyň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekilhanasynyň ýolbaşçysy Oliwýe Kýueni habar berdi. Onuň sözlerine görä, ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durnukly ulag, sanlylaşdyrma we ekologiýa hem-de durmuş standartlaryna laýyk infrastruktura maýa goýum taslamalary bolar.
Şeýle hem ÝMGB Transhazar ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyna gatnaşyp, halkara hyzmatdaşlar bilen serhetüsti ulag we sanly çözgütler boýunça işleri alyp barýar. Bu başlangyçlaryň sebit integrasiýasyny pugtalandyrmaga we Merkezi Aziýada ykdysady ösüşi höweslendirmäge ýardam bermegine garaşylýar.
Çeşme: www.business.com.tm
