Aşgabatda Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) «Eksport babatynda tejribe alyş-çalşygy» atly maslahaty geçirilýär
7-nji aprelde Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) tarapyndan guralan « «Eksport babatynda tejribe alyş-çalşygy» atly maslahat açyldy.
Bu çäre türkmen işewürleriniň wekillerini, daşary söwda boýunça hünärmenleri we tejribeli eksportçylary bir ýere jemledi.
Häzirki wagtda maslahatyň çäklerinde tanyşdyryş çykyşlary we pikir alyşmalar geçirilýär. ÝTÖB-iň wekilleri Türkmenistanda eksporty goldamak boýunça bankyň gurallary we söwdany ösdürmek maksatnamalary barada gürrüň berýärler. Şeýle hem tejribeli eksportçylaryň gatnaşmagynda «Men eksporta nädip çykdym. Tejribelileriň maslahatlary» atly bölümçe çekişmes we olar bilen aýratyn duşuşyklar meýilleşdirildi.
Günüň ikinji ýarymynda gatnaşyjylara marketingiň eksportdaky orny, elektron platformalary ulanmak, daşary ýurt bazarlarynda önümleri sertifikasiýalaşdyrmak hem-de eksport üçin iş proseslerini awtomatlaşdyrmak ýaly mowzuklar boýunça ussatlyk sapaklary garaşýar.
https://turkmenportal.com
