Täze ulag geçelgesini ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Täze ulag geçelgesini ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

19.02.26

2026-njy ýylyň 16-njy fewralynda Daşkent şäherinde Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministriniň birinji orunbasary Mamanbiý Omarowyň Oman Soltanlygynyň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Wekiliýete Oman Soltanlygynyň Ulag ministriniň orunbasary Hamis Al-Şammakhi ýolbaşçylyk etdi.

Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda «Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Oman» ulag geçelgesiniň taslamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taslama Aşgabat ylalaşygy esasynda amala aşyrylýar.

Bellenilişi ýaly, degişli taslama Merkezi Aziýa döwletlerini Pars aýlagy ýurtlary bilen baglanyşdyrýan durnukly ulag-üstaşyr ugruny döretmäge gönükdirilendir. Bu başlangyja Gazagystan, Türkmenistan, Eýran, Hindistan, Pakistan we Oman gatnaşýar.

Resminama Ýewraziýa giňişliginde ulag arabaglanyşygyny pugtalandyrmagy, şeýle hem beýleki halkara ugurlar, şol sanda Demirgazyk–Günorta geçelgesi bilen utgaşykly hereket etmegi göz öňünde tutulýar.

 Çeşme: www.business.com.tm