Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi
Aşgabat şäherindäki Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli “Ylym, bilim, innowasiýalar we telekeçilik — kuwwatly döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Uniwersitetiň rektory Hydyrguly Kadyrow çykyşynda milli ylym we bilim ulgamynyň depginli ösüşine ünsi çekip, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösüşi üçin amatly şertleriň döredilmeginiň möhümdigini belledi. Şeýle hem ol ýaşlaryň ýokary hilli bilim almagy, ylmy we telekeçilik işlerine gatnaşmagy, dünýäniň öňdebaryjy ylmy-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.
Maslahatyň dowamynda uniwersitetiň mugallymlary hususy telekeçiligi ösdürmegiň ähmiýeti, maliýe tehnologiýalary, Türkmenistanda halkara biznesiň ösüşi, türkmen telekeçileriniň eksport mümkinçilikleri hem-de zenan telekeçileriň işewürlikdäki orny baradaky çykyşlary hödürlediler. Maslahatda edilen çykyşlaryň materiallary ýörite ýygyndyda çap edildi.
Çeşme: www.turkmenportal.com
