Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi işewürler forumy geçiriler

Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi işewürler forumy geçiriler

18.02.26

2026-njy ýylyň 26-njy martynda Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Täze baglanyşyk mümkinçilikleri we durnukly ösüşiň gözýetimleri» atly Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi işewürler forumy geçiriler.

Forum Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň bilelikde gurnamagynda, Halkara Söwda Merkezi (ITC) bilen hyzmatdaşlykda geçirilýär.

Çäräniň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlary, «Global Gateway» strategiýasynyň Türkmenistanda durmuşa geçirilmegi, şeýle hem, ulag-logistika, energetika we durnukly ösüş meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Foruma döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, işewür toparlarynyň hem-de halkara maliýe guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Çeşme: www.newscentralasia.net