Aşgabat we Baku hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Aşgabat we Baku hyzmatdaşlygy giňeldýärler

02.03.26

Türkmenistan bilen Azerbaýjan arasynda daşary işler ministrlikleriniň Baku şäherinde maslahat geçirildi. Onda iki döwletiň arasyndaky hem-de halkara meseleleriň giň gerimini ara alnyp maslahatlaşyldy.

Wekiliýetlere Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow we Azerbaýjanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Samir Şarifow ýolbaşçylyk etdiler. Taraplar syýasy-diplomatik gepleşikleriň ösdürilmegine, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga, ulag-logistika we energiýa ugurlaryndaky işjeňlige, şeýle hem medeni we ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge üns berdiler.

Ýokary derejeli duşuşyklaryň we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara komissiýanyň ähmiýeti nygtaldy. Iki ýurduň Aziýa bilen Ýewropa arasyndaky tranzit roly strategik taýdan möhüm hasaplanýar.

Maslahatlaryň jemleýji netijelerine görä, taraplar hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga we konstruktiw dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Çeşme:www.turkmenportal.com