Brýusselde Ýewropa Bileleşigi–Türkmenistan 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi
5-nji martda Brýusselde Ýewropa Parlamentinde Ýewropa Bileleşigi–Türkmenistan formatynda 9-njy parlamentara duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda taraplar syýasy-ykdysady hyzmatdaşlyk, Merkezi Aziýanyň sebit gün tertibi hem-de häzirki halkara ýagdaýy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara gatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy Maksat Kulyýew ýolbaşçylyk etdi. Ýewropa Parlamenti tarapyndan duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary boýunça delegasiýanyň ýolbaşçysy Džuzepina Prinçi başlyklyk etdi.
Duşuşygyň dowamynda ykdysadyýet, energetika, bilim we ylmy maksatnamalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy durnukly ösüş, energetika we ekologiýa, şeýle hem täzelenýän energiýa çeşmelerini giňden ulanmak boýunça milli başlangyçlary hödürledi. Şeýle hem ulag arabaglanyşygynyň ähmiýeti hem-de sebit ulag geçelgeleriniň möhüm bölegi hökmünde Türkmenbaşy Halkara Deňiz Portunyň orny aýratyn bellenildi.
Duşuşykda Merkezi Aziýada sebit durnuklylygyny üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk syýasatynyň parahatçylygy berkitmäge we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşant goşýandygy bellenildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar parlamentara dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Indiki duşuşygyň geljek ýylyň başynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Çeşme: www.business.com.tm
