2028-nji ýyl: Halkara hukugy – ählumumy ynamyň binýady

2028-nji ýyl: Halkara hukugy – ählumumy ynamyň binýady

22.12.25

Aşgabatda geçirilen Parahatçylyk we Ynanyşmak ýylyna we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Halkara forumynyň gatnaşyjylary Türkmenistanyň 2028-nji ýyly Halkara hukugy ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyjyny goldadylar we bu karary Aşgabat Jarnamasynda bekitdiler. Bu başlangyç Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda durnukly ählumumy parahatçylygyň binýady hökmünde umumy hukuk kadalarynyň ornuny berkitmäge hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan umumy ymtylyşy alamatlandyrýar.

Jarnamada BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine – döwletleriň özygtyýarly deňligine, jedelleriň parahatçylykly ýol bilen çözülmegine we içerki işlere gatyşmazlyga ygrarlylyk tassyklanylýar. Şeýle hem gatnaşyjylar bitaraplyk, parahatçylyk we ynam meseleleri boýunça yzygiderli dialogyň zerurdygyny belläp, häzirki wagtda artýan durnuksyzlyk şertlerinde halkara tertibiniň daýanjy hökmünde hukugyň we ynamyň aýratyn ähmiýetini nygtadylar.

Çeşme: www.neutrality.gov.tm