Zehin üstünliginiň dabaralanmasy: Taslama bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandylar

29 Noýabr 2025 г.

2025-nji ýylyň 27-nji noýabryda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Halkara senagatçylar we telekeçilik uniwersitetinde “Türkmenistan – mümkinçilikleriň ýurdy” atly taslama bäsleşiginiň ýeňijilerine diplomlary hem-de höweslendiriji gymmat bahaly baýraklar gowşuryldy.

Türkmenistan Bilim ministrligi, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan diplomlar we  TMT Consulting Group tarapyndan gymmat bahaly baýraklar gowşuryldy. Bäsleşigiň jemleýji çäresi, ýaş innowatorlary we ýeňijileriň hormatyna, ýurdumyzyň iň gowy däplerine laýyklykda, aýdym-sazly çykyşlar bilen baýramçylykly ýagdaýda geçirildi.

Bäsleşik iki ugur – maglumat tehnologiýalary we azyk howpsuzlygy boýunça guraldy. Şol bäsleşige gatnaşan 13 ýeňiji tapyldy: 1-nji orna bir ýeňiji, 2-nji orna iki ýeňiji hem-de 3-nji orna üç ýeňiji saýlandy. Bäsleşige gatnaşyjylaryň galan bölegine, guramaçylaryň görkezmesi boýunça, ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Bu sowgatlary, Gurbanazar Ataýew, M.Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stamotologiýa okuw-önümçilik merkeziniň lukmany, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, Aşgabat şäheriniň halk maslahatynyň başlygy we Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy, hut özi, uly hormat bilen gowşurdy.

Bu dabara, bäsleşigiň jemleýji tapgyry bolup, Türkmenistanyň ýaşlarynyň döredijilikli ukyplaryna we ýokary talantlaryna bolan hormaty we alkyşyny görkezdi. Ýaşlaryň innowasiýa we täzeçillik ugryndaky gazananlarynyň bellenilmegi, bu bäsleşigiň diňe bir şertini tamamlamakdan, eýsem, döwrebap çözgütleriň we ýakyn geljegiň ösüşi üçin mümkinçilikleriň döredilmegine bolan uly ünsüň nyşany bolup durýar.