TMT Consulting Group bilen mümkinçilikleriň başlangyjy

28 Noýabr 2025 г.

Şu ýylyň güýz möwsüminiň başynda «Türkmenistan-mümkinçilikleriň ýurdy» şygary astynda ýaş innowatorlaryň arasynda taslama bäsleşigi yglan edildi. Bu bäsleşik ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp geçirildi. Bu möhüm taslamanyň amala aşyrylmagynda TMT Consulting Group HJ-i buýsanç bilen hyzmatdaş we hemaýatkär hökmünde çykyş edip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň başlangyjyny goldady.

Bäsleşige gatnaşjaklaryň saýlama tapgyry iki ugur boýunça geçirdi: maglumat tehnologiýalary we azyk howpsuzlygy. Birinji tapgyrda ýüzlerçe arzadan iň öňdäki orna mynasyp bolan, ýokary mümkinçiliklere eýe we täzeçil çemeleşmeleri hödürleýän 23 sany taslama ýarym finala saýlanyp alyndy.

Bu ýaşlaryň hünär ussatlygyny kämilleşdirmek maksady bilen “TMT Consulting Group” HJ-niň binasynda olar üçin ýörite maslahatlar, okuwlaryň toplumlary, amaly sapaklar guraldy. Bu çärelerde tejribeli hünärmenler taslamalary döretmegiň, synagdan geçirmegiň hem-de olary durmuşa ukyply hakyky önüme öwürmegiň möhüm gurallary bilen paýlaşdylar.

Mundan başga-da, gatnaşyjylar üçin ýörite tejribe saparlary guralyp, olaryň biri hökmünde Ojar Aziýa HK-nyň edara binasyna baryp görmek tertip edildi. Bu ýerde ýaş innowatorlar hakyky işewürlik prosesleri we häzirki zaman tehnologiýalarynyň amaly taýdan nähili ulanylýandygy bilen içgin tanyş boldular.

Geçirilen bu çäreler ýarym finalçylaryň diňe bir bilimini artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň gözýetimini giňeltmäge hem mümkinçilik berdi. Munuň özi olaryň döredijilikli ideýalarynyň we taslamalarynyň üstünlikli amala aşmagynda möhüm ädim boldy.